Orbot - Smartfonlar üçin Tor VPN

Trafigiňizi şahsy we blokirlenmedik görnüşde saklaň.

tor-logo

Tor dürli adamlar ulgamy bilen işleýär. Tor ulananyňyzda hiç bir kompaniýa ýa-da adam siziň brauzer işjeňligiňize girip bilmez.

Tor hakda öwrenmek üçin torproject.org
EncryptedTraffic-icon

Şifrlenen traffik.

Internet trafigiňiz, barmaly ýerine ýetmezden ozal dünýäniň üç dürli künjeginde şifrlenýär we ugrukdyrylýar.

Onlaýn gizlinlik-şekiljigi

Onlaýn gizlinlik.

Üçünji taraplar haýsy programmalary ulanýandygyňyzy bilmezler. Hakyky IP adresiňiz bilinmez.

Senzura ýok-şekiljigi

Senzura ýok.

Ýerleşýän ýeriňize ýa-da tor çäklendirmeleriňize garamazdan programmalara we mazmuna giriň.

Gözegçilik ýok-şekiljigi

Gözegçilik ýok.

Internet hyzmatyny üpjün edijiler (ISP) we simsiz ulgam operatorlary nirä brauziň edenýänligiňizi görüp bilmeýärler.

Yzarlama ýok-şekiljigi

Yzarlama ýok.

Kontrol sizde. Üçünji tarapyň yzarlamagyny öçüriň.

screenshots-image

Düşündiriş

Diňe Orbot ulanmak howpsuzlygy ýa-da gizlinligi kepillendirmeýär. Tor trafigiňiziň anonimligini we gizlinligini artdyryp biljek birnäçe aýratynlygy üpjün edýär. Şulary ýadyňyzdan çykarmaň…

Orbot-dan adatça Tor network daşyndan girýän programmalara girmek üçin ulanýan bolsaňyz, programma sizi tanap biler we Tor ulanýandygyňyzy biler. Käbir ýagdaýlarda (meselem, repressiw ýurtlardaky syýasy oppozisiýa) munuň özi özüne çekiji maglumat bolup biler.

Geolokasiýa, Metbugat we Mobile Maglumat

Programmalar Geolokasiýa API ulanyp biler (häzirki GPS ýerleşýän ýeriňizi görkezmek üçin), daşarky saklanyşlardan suratlara we wideolara girip biler ýa-da telefon belgisi we daşaýjy maglumatlary ýaly jübi telefonyňyz barada maglumatlary alyp biler. Ulanyjylar girmek üçin rugsat soraýan öz-özünden açylýan penjirelerden hem seresap bolmaly.

Has giňişleýin maglumat

Tor Project, Tor ulananyňyzda gizlin galmak üçin kiçijik maslahat sahypany saklaýar.

Orbot, öňki howpsuzlyk meselelerini, näsazlyklary düzetmegi we başgalary öz içine alýar;goýberiş bellikleriňsanawynyşu ýerden tapyp bilersiňiz.Şeýle hem, belli meseleleriň iň täze sanawy üçin GitHub taslamasyna göz aýlap bilersiňiz.

Mugt we açyk.

Orbot mugt programma! Programmanyň dowamly ösüşini goldaň. Söýgini paýlaşyň.